Browse Turkmen – English Dictionary


A
B
C
D
E
F
G
H
I
J
Z
K
L
M
N
O
P
R
S
T
U
W
Y

d


dostlaşmakdo:stlaşmakvto make friends (with), befriendDöwlet bilen Merdan birinji klasda dostlaşdylar.Dowlet and Merdan became friends in the first grade.Klasymyza täze gelen oglan bilen biz tiz dostlaşdyk.We made friends quickly with the new boy in our class.
dostlukdo:stluknfriendship, friendly terms, friendly relationsdostluk açmakmake friends (with)Daşary ýurt bilen dostluk açmak üçin doly ygtyýarly wekil ugratdylar.They gave full council authority to initiate friendship with a foreign country.halklaryň dostlugyfriendship of nationsdostluk salamygreetings of friendshipdostluk saparyfriendship visit Prezident dostluk sapary bilen Gazagistana gitdi.The President made a friendship visit to Kazakhstan.
dostluklydo:stluklyadjfriendly, amicabledostlukly gatnaşyklarfriendly relations Mekdebiň elli ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen duşuşyşyk dostlukly ýagdaýda geçdi.The meeting to celebrate the fiftieth anniversary of the school was amicable.Turkmenistan ähli ýurtlar bilen dostlukly hyzmatdaşlyk saklaýar.Turkmenistan enjoys friendly cooperation with all countries.
dostparazdo:stparazadjfriendly, amicable
dowamdowa:mn1duration, continuation, course, processgünüň dowamymdaduring the dayŞu ýylyň dowamynda bizde köp özgerişikler bolup geçdi.During this year we had many changes.Täze jaýymyzy iki ýylyň dowamynda salyp gutardyk.We completed the building of our new house over two years.Ýagyş dowam edýär.It's still raining.2sequel, continuation; restdowamy barto be continuedkonsertiň dowamythe continuation of the concertşu ýylyň dowamyndasometime later this yearFilimiň dowamyny täzeliklerden soň görkezdiler.They showed the rest of the film after the news.kitabyň dowamythe continuation of the bookŞu romanyň dowamy barmy?Does this film have a sequel?Filmiň dowamy ertir görkeziljek.The rest of the film will be shown tomorrow.Gürrüňiň yzyny dowam edip oturma.Do not continue the rest of the talks.Göreş indi dowam eder.The fight will continue now.dowam etdirilmekunspec. comp. formvto be continueddowam etdirmekunspec. comp. formvto continueBaşlanan işimizi arakesmeden soň dowam etdirdik.We continued the work we had started after the break.Biz ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam etdirýäris.We continue the traditions handed down by our ancestors.dowam etmekunspec. comp. formvto lastKonferensiýa iki sagatlap dowam etdi.The conference lasted two hoursGürrüňimizi çaý başynda dowam ederis.We’ll continue our speech at tea time.Tolkun heniz hem dowam edýär.The wave is still going.Iş saparymyz bäş günläp dowam etdi.Our business trip lasted five days.Toý uzak gije dowam etdi.The wedding party lasted the whole night.
dowamlydowa:mlyadjlong, prolonged, protracted, continuousdowamly el çarpyşmalarprolonged applausedowamly häzirki zaman işligipresent continuous tenseOl dowamly üsgürýär.He coughs continuously.dowamly öten zaman işligipast continuous tense.
dowamlylyknduration
dowarna flock, (mixed herd of) sheep and goatsdowarlarflockIri şahly maldan dowar bakmak aňsat.It is easier to graze sheep and goats than horned cattle.
dowarçynsheep farmerDowarçy mallaryny guýa tarap sürdi.A sheep farmer took his herds to the well.
dowarçylyknsheep farmingdowarçylyk hojalygysheep farmstead
dowulnpanic, scare, feardowul döretmekto create a scare, cause a panicdowla düşmekunspec. comp. formvto fall into a panic
dowzahnHellO dünýäde günäsizler jennete, günä edenler dowzaha bararmyş.Righteous people go to Paradise, those who sin go to Hell in the other world.dowzah odyfire of Hell Dowzah odynda ýanmajak bolsaň şeýtanyň ýoly bilen ýöreme. If you do not want to burn in the fires of Hell, do not walk in the ways of Satan.dowzah azabysuffering of Hell Ýaman adam dowzah odynda ýanarmyş.It is said that a bad person burns in the fires of Hell.Meni bu dowzahdan gutar!Please God, save me from Hell!Meniň çekip ýören jebirlerim duran bir dowzahdyr.The sufferings I go through are hell.Ýerdäki dowzah-türmedir.Prison is a hell on earth.
doýmakv1to be satisfied, be full, have enough to eatMen doýdum.I've had enough to eat.2to have enough of someone, have one's fillÇişlikden doýmak mümkin däl.It's not possible to have too much kebab.Kim doýmadyk bolsa ýene nahar salyp berjek.I will give more food to those who are not full.Ol gaty doýupdyr.He had eaten a lot.Men siziň boş gürrüňleriňizden halys doýdum. I am fed up with your empty words.Men seniň iňirdiňden doýdum.I am fed up with your grumbling.garny doýsa-da, gözi doýmadykhis eyes are bigger than his bellyMen indi hiç zat iýjek däl, men doýdum.I won't eat any more, I'm full.
doýurmakvto feed someone/something until fullgarnyňy doýurmakto eat one's fillaçlary doýurmakto feed up hungry people
dökmekv1to pour, pour away, pour outüstüňe çaý dökmekto pour tea over someone 2fill up, stack updükanlara dürli haryt döküpdirler.The shops were filled with different kinds of goods.Daýhanlar bazara dürli gök önümleri döküpdirler.The farmers filled the market with all sorts of vegetables.3to empty, get rid of, dump, strew, scatterSülçi içerini dökdi.The investigator got rid of the house.Bar içerini dökdüm, ýöne gapjygymy tapmadym.I emptied out the entire contents but didn't find my purse.Ogry aýnadan girip, öýi döküpdir.The thief entered through the window, and removed the contents of the house.Galan nahary dökme,itimize bereris.Don't throw away the leftovers, we'll give it to our dog.ýola çäge dökmekscatter sand on the road Gyşyna maşynlar taýmaz ýaly ýola buz dökýärler.They scatter salt on the road in winter to stop the cars skidding.mallara ot dökmekto scatter hay for the animals4to spill, secrete, shedBu bedre suw dökýär.This bucket is spilling.Watan üçin gan dökmekto shed blood for motherland Ikinji jahan uruşda köp adam Watan üçin ganyny dökdi.Many people shed blood for the motherland in the Second World War.Der döküp gazananyň halal gazançdyr.Sweating and earning is pure profit.Or, to earn by working hard is honest gain.Gyzymyň pişijegi ýitende gözýaş döküp oturdy.When my daughter lost her cat, she shed many tears.Çelek deşilip, indi suw dökýär.The bucket was slit and now it is spilling water.Ejeme içimi döküp, bar syrymy aýdyp berdim.I poured out my heart to my mother and told her all my secrets.Üstüne gyzgyn çaý döküp aýagyny bişiripdir.He spilled hot tea over himself and burnt his foot.abraýyňy dökmekcomp.to lose prestigeAbraýyňy dökmek aňsat, ýöne dikeltmek kyn.To lose prestige is easy, to build it up is difficult.
dökülmekv1to be spilt, be poured, poured out, overflowBu ýere ýag dökülipdir.The oil was poured into this place.Içeri dökülipdir.The contents had been poured out.2to be strewn, scattered; go to wasteSeniň gözýaşyň dökülmesin!Let not your tears go to waste!3to be shed4to fall, fall uponTalaňçylar gala döküldiler.The raiders fell upon the castle.5to fall, fall outJübimdäki ownuk pullar dökülipdir.The change in my pocket has fallen out.Ýapraklar dökülýär.The leaves are falling.6to be cleansed, forgiven, disappearMöýi öldürseň, günäň dökülýär.If you kill a spider, your sin is forgiven.
dökünn1fertiliser, manuremineral dökünchemical fertiliserdökün dökmekto fertiliseýerli dökünmanureEkin ekmezinden öň ýeri agdaryp dökün dökmeli.Before sowing, the field needs to be ploughed and fertilised.Meýdana dökün dökmek üçin traktory taýynladyk.We got the tractor ready to fertilise the field.Güllerimiz gowy öser ýaly mineral dökün bilen dökünleýäris.We use chemical fertiliser to make our flowers grow well.2dung, faecesdökün bolup ýatyrdung is lying aroundTomus bazarda gök-önümden dökün bolýar.In the summer there is dung on the produce in the market.Bakjamyz tomus aýlary gawun-garpyzdan dökün bolup ýatýar.In summer there is dung on the melons and water melons in our garden.
dökünmekvto spray, sprinkle (on oneself), splash onatyr dökünmekto spray oneself with perfume Ol köp atyr dökünýär.She wears too much perfume.Bilmezlikde üstüme çaý dökündim.I inadvertently splashed myself with tea.Üstüne çorba döküp, ol egin başlaryny hapalady.He dirtied his clothes by splashing himself with soup.
döln1sperm, semenEmeli ýagdaýda tohumlandyrmak üçin donordan döl alýarlar.In artificial insemination they take sperm from a donor.

dowarlardan döl alynýan wagtthe time for taking sperm from the herd Sygyrymyzyň şu dölini alsak soňra satjak.After taking this sperm we will sell our bull.
biology
2seed, offspring, descendantDowarlar ýylda bir gezek döl berse, döli iri bolýar.If the flocks produce sperm only once a year, the amount of sperm will be huge.
döndermekdö:ndermekv1to turn aroundbeýleki tarapyna döndermekto turn from one side to the otherçagany arkanlygyna döndermekto turn the baby roundÝatan syrkawy ýadamaz ýaly beýleki tarapyna dönderdiler.They turned the patient over onto his other side to help him sleep.Näme sebäp bilen menden ýüz dönderýärsiň?Why do you turn your back on me? ýüz döndermekto reject2to turn into, convert, transformsuwy buza döndermekto turn water into iceGüýçli aýaz bir gijede derýany buza dönderdi.The severe cold turned the river into ice overnight.Gözbagçy elindäki ak kagyzy ak kepderä dönderdi.The magician turned white paper into a white dove.3to have someone come back/returnBiz ony ýaramaz pälinden dönderdik.We turned him from his evil desire.Gidip barýan pyýadaň yzyndan gygyryp yzyna dönderdik.We cried out to turn him back.Kerweni yzyna döndermek üçin yzyndan atlyny ugratdyk.We sent the horseman after the caravan to turn it back.Ýolagçyny döndermek üçin uly sebäp gerek.There needs to be a good reason for turning back the passenger.
dönmekdö:nmekv1to turn, turn over, changeOl öz pikirinden döndi.He/she has changed his/her mind.2to turn around, turn back, return, come backyzyňa dönmekto return, come backMaşyn köçäň başyna ýeteninden soň ýene yzyna döndi.The car turned around when it came to the top of the street.death3turn into, becomeMinutlar sagada döndi.The minutes stretched into hours.Haçanda birine garaşaňda günüň aýlara dönýär.When you wait for somebody your days turn into months.4to recant, take back, retract (one's words)5to turn away, reject, spurndöne dönmekcomp.to be finished
dönükdö:nükntraitor, betrayerwatan dönügienemy of the stateSen beren wadaňy unutdyň,sen dönük.You forgot your promise, you traitor.Uruşda dönükleri atýardylar.Traitors were shot in the war.
dönüklikdö:nüklikntreason, treachery, faithlessness, betrayaldönüklik etmekto betray, be falseDostuňa dönüklik etmek öz namysyňy basgylamakdyr.To betray to your friend means to humiliate yourself.Ol watanyna dönüklik etdi.He betrayed his country.watana dönüklikhigh treason
dördünjifourthdördünji günThursday, the fourth day
dörediji1ncreator, founder, originatorOl mukam dörediji kompozitor.He is a composer.

Baletmeýster tans dörediji.The ballet master is the creator of dance.Kemine satiriki goşgularyň döredijisidi./sözlükden/Kemine is the creator of humorous poems.
2adjproducing, creatingkesel dörediji mikroblarmicrobes that produce sicknessgerm-carrying microbes;Olaryň kesel dörediji mikroorganizmleri ýok etmek ukyby bellärliklidir.Their ability to destroy germ-carrying micro-organisms is remarkable.medical